[erti:r]
Şu günüň yzyndan gelýän gün; geljekki gün, indiki gün, erte.
Men şu günler gazy gazýan, ertir bar-da meniň çägimi almaga kömekleş. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ertir, belki galanyny-da döwüp ýetişeris. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Ol ertir geler. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)
Bir-iki gün dem-dynç alyň, ertir kakam hem gelse gerek! (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Günüň başlanýan wagty, ir bilen, irden.
Şähere tarap barýan ýük maşynlarynyň sesi ertiriň dym-dyrslygyny bozup, bütin obanyň içini ýaňlandyryp geçýär. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
Ertir bilen gar ýagmaga başlady. (K. Jumaýew, Dört dogan)