[erti:rlik]
Ertir nahary, ertir bilen, ir bilen iýilýän nahar.
Onýança Narjan apa ertirlik bişirip, olary çagyrdy. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)
Merdanyň garry enesi ertirlik taýýarlady. (N. Geldiýew, Ilkinji sowgat)
Onuň özi üçin taýýarlanyp goýlan ertirlik bugaryp durdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Ertir üçin, ertire gerek bolan (zat).
Ol şu günlügini tapsa, ertirligini gaýgy etmezdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ertirlik - ertirligi.
Ertirlik nahary iýmek.
Ertirlik edindiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)