Folkloristika Köplenç jadyly we fantastik wakalary beýan edýän halk döredijilik eseri, hekaýa.
Ol gyzlara gyzykly erteki, matallar ýa-da özüniň başyndan geçirenlerini aýdyp berýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Onuň ünsüni başga bir ýana sowmak üçin gülküli ertekiler hem aýdyp berdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Hakykat bolmadyk, toslama, ýalan zat.
Hakykat bolmadyk zatlary aýtmak, özüňden çykaryp aýtmak, toslap ýalan sözlemek.
Sen maňa erteki otarma-da, Öwezden habar ber! («Görogly» eposy)
Eje jan, sen meni çaga hasap edip, maňa erteki otarýarmyň ýa başga bir aýtjak zadyň barmy? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Sen erteki otarýarsyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret ertirki 1
Erteki gün hem geçdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)