[esa:s]
Bir zadyň çeşmesi bazasy, fundamenti.
Madde medeniýetiň ösmegi ruhy medeniýetiň ösmeginiň esasydyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ykdysady esas.
Sebäp, delil, tutaryk.
Siz näme beýle alada çekýärsiňiz, gaýgylanmagyňyza hiçbir esas ýok. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Emma onuň öz üstünden düşmäge-de doly esas bar. («Tokmak» žurnaly)
Bir zadyň düýbüni tutmak, esaslandyrmak.
Bu kitap-türkmen poeziýasynyň esasyny goýan Magtymgulynyň kitabydyr. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)