daňylmak işlik

  1. Ýüpüň we ş. m. zatlaryň uçlary düwlüp birleşdirilmek, baglanmak, çatylmak.

  2. Bir zada baglanyp goýulmak, berkidilip goýulmak, iltelmek, baglanmak.

    • Esgiden tikilip, sapak bilen küýzäniň gulpuna daňlan dykysyny açdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  3. Saralyp baglanmak, oralyp berkidilmek, baglanmak. O.

    • Goluna gyzyl mata daňlan gara kostýumly bir adam yzyna iki sany soldat eýerdip, kameranyň içine girdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Göçme manyda Köp garaşyp durmak, bent bolmak, garaşyp hiç ýaňa gidip bilmän durmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem daňylmak - daňlar, daňlypdyr.