daňmak işlik

  1. Ýüpüň we ş. m. zatlaryň uçlaryny birleşdirip baglamak, uçlaryny düwmek.

  2. Bir zady baglap goýmak, berkidip goýmak, iltemek.

    • Boýnuna zynjyr salyp, ullakan bir gara daşa daňyp goýýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Aty daňmak. Düýäni gazygyna daňmak.

  3. Daşyny saramak, baglamak.

    • Men goş daňyp gezmekden irdim. («Tokmak» žurnaly)

    • Oba tebipleri dürli zatlardan taýynlanan melhemi ýapyp, Artygyň ýarasyny täzeden daňmakçy boldular. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Duşmanlar muny öldir ýaly urup, elini-aýagyny pugta arkasyna daňypdyrlar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

aýagyny daňmak

seret aýak

gülberini arkasyna daňmak

  1. seret gülber

  2. Ýüpsüz daňmak, köp garaşmaga mejbur etmek, köp garaşdyrmak.

    • Ol meni ýüpsüz daňdy.