daňy

  1. Ýara we ş. m. daňmak üçin sargy, sarag.

    • Bu üç gyzyl esgeriň ýaralarynyň daňylary, şol ýaralanan wagtlarynda özleriniň daňan daňylarydy. (A. Gowşudow, Eserler)

  2. Bir zady daňmak, güýlmek üçin bölek ýüp, bag.

    • Haşlap uludan demini alyp, iki elini bykynyna urup, otla seretdi, yzyndan Nurgeldiniň golunyň, aýagynyň daňylaryny kesişdirip boşatdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  3. Daňlyp goýlan gülebent, düwünçek, ýük.

    • Zawoda ugratmak üçin basylyp goýlan pagta daňylary uzakdan dag ýaly bolup görünýärdi.