dörtlük dört‧lük

[dö:rtlük]

  1. Dördi bildirýän sifr.

    • Dörtlük ýazmak.

  2. Ýetişigiň bäş bally sistemasynda «ýagşy» diýen bahany aňladýan san.

    • Dörtlük hem bäşlik bahany, Hemişe alýan hem özüm. (K. Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi)

  3. Oýnalýan dört gülli kart.

    • Haç dörtlük.

  4. Käbir zatlaryň ölçegini kesgitleýän san.

    • Dörtlük galoş.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dörtlük - dörtlügi.


Duş gelýän formalary
  • dörtlügimiziň
  • dörtlüginiň
  • dörtlügiň
  • dörtlük-de
  • dörtlükden