döş

[dö:ş]

  1. Anatomiýa Bedeniň gapyrgalary birleşdirýän maýyşgak süňkli öň tarapky bölegi.

  2. Göwräniň boýundan garna çenli bolan aralygy, öň tarapy.

    • Dünýäni sil alsa, guba gazyň döşünden. (nakyl)

  3. Göçme manyda Geýilýän geýimiň döşüň üstündäki öň ýakasy.

    • Hoşgeldiniň döşündäki Beýik Watançylyk urşunyň orden we medallaryny gören Pökgen «ol uruşdan gelendir» diýip pikir etdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Belent-belent daglaryňa çykjak men, Gülleriňden tirip, döşe dakjak men. (A. Haýydow, Gök asman)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem döş - döşüm, döşüň.

döş germek

Göwsüňi, göwräňi gerip goramak, goldamak.

  • Biziň ata-babalarymyz şu gözel toprak üstünde döş gerip, gan dökdüler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • döşde
  • döşden
  • döşdür
  • döşe
  • döşi
  • döşi-de
  • döşler
  • döşlerde
  • döşleri
  • döşleridir
  • döşlerimi
  • döşlerinde
  • döşlerindäki
  • döşlerine
  • döşlerini
  • döşleriniň
  • döşleriň
  • döşleriňi
  • döşli
  • döşlügi
  • döşlügini
  • döşsüz
  • döşüm
  • döşümde
  • döşümden
  • döşümdäki
  • döşüme
  • döşümi
  • döşümizden
  • döşün
  • döşünde
  • döşündedir
  • döşünden
  • döşündäki
  • döşüne
  • döşüni
  • döşüniň
  • döşüň
  • döşüňden
  • döşüňe
  • döşüňi
  • döşüňiz
  • döşüňizde
  • döşüňizdäki