dörtburçluk

[dö:rtburçluk]

Dört burçly geometrik şekil.

  • Agaçlaryň kölegesi kese dörtburçluk bolup ýere düşýär. (I. S. Turgenýew, Awçynyň hatlaryndan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dörtburçluk - dörtburçlugy.