buzgunç buz‧gunç

Aýratyn öz boluşly ys berýän (täze matanyň ýa-da egin-eşigiň ysy hakynda).

  • Buzgunç ys kükeýär keteniňde. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Aýnabadyň gyly gyrylmadyk buzgunç ysly keteni köýnegi şoburdady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Onuň ýakymly buzgunç ysy Artygyň burnuna urdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem buzgunç - buzgunjy.