buzluk

[bu:zluk]

Buz bilen örtülen meýdan, doňaklyk.

  • Ägirt uly buzluklar daglardan aşak syrylýarlar. (Gadymy dünýä taryhy)

  • Bu söz uzak Sibir-buzluk taýlarda, awçylaň-da gulagyna ýetýändir. (R. Seýidow, Bagtlylar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem buzluk - buzlugy.