abat

[a:ba:t]

  1. seret abadan

  2. Ýykylman-ýumrulman galan, zyýan ýetmedik, zaýalanmadyk, bitin.

    • Häzir köne obanyň abat jaýyndan bibat jaýlary köp. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Bardy egnimizde el ýaly deri, Ýokdy ol elhenjiň bir abat ýeri. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  3. Tertibe salnan, rejeli edilen, bezelen, gurnalan.

    • Abat etsin doganymyz öýüň. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  4. Göçme manyda Ahlak taýdan arassa, bozulmadyk (adam hakda).

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem abat - abady.