[a:banmak]
Biriniň ýa-da bir zadyň üstüne göwräňi egmek, egilmek, birine ýa-da bir zada ýakyn durmak.
Özi hem ýele gapdalyndan üstüne abanyp, odunyny ezmezlige çalyşýan eken. (Myraly)
Gorky salmak, howp salmak.
Babahan arçyn, Halnazar baý ýalylar gamçylaryny çommaldyp, üstüňize abanyp durmazlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.