abatlyk

[a:ba:tlyk]

  1. Döwük-ýenjik dällik, bozuk dällik, ýerbe-ýerlik, abadanlyk, bitinlik.

    • Bentleriň we kanallaryň doly abatlykda saklanylmagy gerek. (Gadymy dünýä taryhy)

  2. Parahatlyk, dynçlyk.

    • Biz abatlyk-parahatlyk isleýäris. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Duman deý syryldy, ýok gaýgy-gamyň, Halkyň abatlygy seniň ylhamyň. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem abatlyk - abatlygy.