ýitigsi

  1. Juda kiçi, zordan görünýän, çala mälim bolýan, ujypsyz.

    • Gündiz çyra bilen agtarsaň-da tapyp bolmajak ýitigsi ýodady. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Taryhy temany işleýän eserlerde geçmişiň ýoýulmagyna, onuň erbet taraplarynyň ýitigsi görkezilmegine ýol bermek bolmaz. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Çala ýanýan, pessejik ýanýan, şöhlesiz, öçügsi.

    • Ol otjagaz gaty daşda görünýän ýitigsi çyra meňzeýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)