ýel ýel at

  1. Howa akymynyň belli bir ugry boýunça hereket edýän, öwüsýän güýçli şemal.

    • Daň saz berdi, ýel hem ýatdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Dagy-daşy ýel bozar, adam arasyny -- söz. (nakyl)

  2. Medisina Ýeljikmek bilen geçýän kesel.

  3. Göçme manyda Gahar, gazap.

    • Ol gitse-de, garrynyň ýeli ýatanok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Görýärin weli, seniň bir sanaç ýeliň bar öýdýän.

bir sanaç ýel alyp gelmek

Gahar-gazaply gelmek.

yzyny ýel bozmanka (çalmanka)

seret yz

  • Olar yzlaryny ýel bozmanka, derrew ýeňselerine öwürsinler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýel almak

Gahar-gazaba münmek, gaharlanmak.

  • Ol sähel zada ýel alyp göterim bolman, örän salykatly, paýhasly adamdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýel bermek

  1. Bir zadyň içini ýelden doldurmak.

  2. Birini ýalandan öwüp götergilemek, çişirmek.

ýel çalmak

  1. seret ýeldirgemek

    • Muny ýel çalandyr diýdim ahyry. («Türkmen pesalary»)

  2. Yzgary gitmek, birneme guraşmak.

    • Üsti açylan meýdana sähelçe gün degip, ýel çaldygy, şol bada gyrpaklap agarýardy. («Zähmet gahrymanlary»)

  3. Howasy täzelenmek, ýel kakmak.

    • Tama ýel çalyp durýar.

ýel öwüsdirmek

Ýykyp-ýumurmak, derbi-dagyn etmek, ýok etmek.

  • Eger ertir Döwlet gitmese, öýüňiziň ýerinde ýel öwüsdirerin. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

ýel ýürek

seret ýürek 1

  • Gepiň gysgasy, molla Guty gaty ýel ýürek adam ekeni. (A. Gowşudow, Eserler)

  • Ýöne men bir zada düşünemok: munuň batyr bolanlygy haýsy, beýle ýel ýürek bolany haýsy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

ýele sowurmak

Dereksiz dargatmak, dereksiz tutmak; netijesiz harçlamak, sowmak.

  • Şu wagta çenli gazanan abraýyny ýele sowrup başlandygyny duýanok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýelini ýatyrmak

Köşeşdirmek, rahatlandyrmak, ynjaltmak.

  • Gahary gelen adamyň ýelini ýatyrmak.


Duş gelýän formalary
  • ýelde
  • ýelden
  • ýeldim
  • ýeldir
  • ýeldiň
  • ýeldäki
  • ýele
  • ýelem
  • ýeli
  • ýelidir
  • ýelim
  • ýelime
  • ýelimi
  • ýelimiň
  • ýelin
  • ýelinde
  • ýelinden
  • ýeline
  • ýelini
  • ýeliniň
  • ýeliň
  • ýeliňe
  • ýeliňem
  • ýeller
  • ýellerde
  • ýellerden
  • ýellerdir
  • ýellere
  • ýellerem
  • ýelleri
  • ýelleridir
  • ýellerinden
  • ýellerine
  • ýellerini
  • ýelleriniň
  • ýelleriň
  • ýelli
  • ýellidi
  • ýellidir
  • ýelligindendir
  • ýellik
  • ýellini
  • ýelliniň
  • ýelsiz
  • ýelsizem