yz yz at

[y:z]

  1. Adam ýa-da haýwan aýagynyň we ş. m. ýerde galdyran suraty, şekili.

    • Serhetçiler bar güýçlerini gaýgyrman, duşmanyň yzyny yzarlaýardylar. («Mydam taýýar» gazeti)

  2. Bir zadyň täsiri netijesinde galan bellik, nyşan, çapyk.

    • Güne ýanan ýüzünde mamanyň yzy mese-mälim bolup duran bu adam özüni her ýerde tertipli saklap bilýän adama meňzeýärdi. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)

  3. Göçme manyda Bir zatdan galan täsir, duýgy.

    • Gitdi-gitdi, gözden ýitdi gözel gyz, Ýüregimde goýdy meniň gamly yz. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  4. Soň, soňra, keýin.

    • Gözel geldi hemmeden yz, Işleşip ýör, gelinmi gyz. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  5. Onuň tersi, arka tarap, gelen ýeri.

    • Ynjalman yzyna okdurlyp gitdi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Obanyň itleri onuň yzyndan çozdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  6. Göçme manyda Öý-içerik, maşgala, nesil.

    • Ol goşundan dolanyp gelende, yzynyň sag-aman, horlanman ýaşandygyny gördi. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)

    • Dat, erenler, ölemde yzym ýitmez ýaly, bir zürýat bereweriň! -- diýip, Görogly gygyrdy. («Görogly» eposy)

  7. Kömekçi söz rolunda.

    • Arabanyň yzyndan ýöremek.

yz çalmak

Yzyny kesmek, yzyny barlamak, yzarlamak.

  • At gaýtarym töwerekden yz çalyp, yzyň dowamyny gözlediler. (A. Gowşudow, Eserler)

  • Öten kim bar, geçen kim bar, yz çalaly! («Görogly» eposy)

yzyna eýermek

  1. Birinden galman ýöremek, biri bilen deň hereket etmek; birini yzarlamak, ýanamak, aňtamak.

    • Soňky wagtlarda ol onuň yzyna düşüp başlady;.

  2. Birini halap, göwün bermek, biriniň göwnüni almaga meýil etmek, birini söýüp, yzynda selpemek.

    • Ol bir gyzyň yzyna düşüp, kowup goýbermek.

yzyňa it salmak

Masgara edip, kowup goýbermek.

yzyňy ýer çalmanka gitmek

Eglenmän, basym yzyňa gaýtmak.


Duş gelýän formalary
  • yz-da
  • yza
  • yzam
  • yzda
  • yzdady
  • yzdadyr
  • yzdaky
  • yzdakylar
  • yzdakylara
  • yzdakylary
  • yzdakylaryň
  • yzdakyny
  • yzdakynyň
  • yzdakysy
  • yzdan
  • yzdanam
  • yzdyr
  • yzlar
  • yzlara
  • yzlaram
  • yzlarda
  • yzlary
  • yzlarydyr
  • yzlaryma
  • yzlaryn
  • yzlaryna
  • yzlarynda
  • yzlaryndaky
  • yzlaryndan
  • yzlaryny
  • yzlarynyň
  • yzlaryň
  • yzly
  • yzlygyna
  • yzlyna
  • yzsyz
  • yzy
  • yzy-da
  • yzydyr
  • yzym
  • yzyma
  • yzymda
  • yzymdam
  • yzymdan
  • yzymdanam
  • yzymy
  • yzymyz
  • yzymyza
  • yzymyzda
  • yzymyzdaky
  • yzymyzdan
  • yzymyzdanmy
  • yzymyzy
  • yzymyzça
  • yzymyň
  • yzyn
  • yzyna
  • yzynam
  • yzynda
  • yzyndady
  • yzyndadyr
  • yzyndaky
  • yzyndakylar
  • yzyndan
  • yzyndanam
  • yzyny
  • yzyny-da
  • yzynymy
  • yzynyň
  • yzyň
  • yzyňa
  • yzyňam
  • yzyňda
  • yzyňdan
  • yzyňy
  • yzyňyz
  • yzyňyza
  • yzyňyzda
  • yzyňyzdan
  • yzyňyzdanam
  • yzyňyzy
  • yzça