ýelbegeý

Ýeňlenilmän egne atylan ýa-da kellä bürelen.

  • Onuň egnine ýelbegeý atan dony, gürzelek sakgaly, murty, üstünde gurt seräýmeli ýasy telpegi-de sarydy. (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)

  • Aýsoltan uzyn seçekli ýaglygyny üstüne ýelbegeý atyp, goşa ýassyga tirsegini berip, eýwandaky giň halynyň üstünde çaý içýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltay)

  • Başy ýelbegeý bürenjekli Sadap baý Halnazaryň gazaply sesini eşidende tisgindi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)