öz1 gaýdym çalyşmasy

[ö:z]

Gaýdym çalyşmasy.

  • Seniň garry eneň öz öýüni saklap otyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Özüň süýt bilgin dostuňy-gaýmak. (nakyl)

  • Öz gadyryn bilmedik, il gadyryn näbilsin. (nakyl)

  • Özüni öweniň tanapy çüýrük. (nakyl)

  • Özi eden ökünmez. (nakyl)

  • Öz elim, öz ýakam. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem öz - özüm, özüň.

öz aýagyňa özüň palta urmak

Öz eden emeliňe özüň düşmek, öz guran hiläňe özüň çolaşmak.

öz emeliňe özüň çolaşmak

seret öz gazan çukuryňa özüň düşmek

öz gazan çukuryňa özüň düşmek

seret çukur

öz göbegiňi özüň kesmek

seret göbek

öz ýanyňa çekmek

seret çekmek

  • Ol gyssag arada garawula ýüz tutdy, ony öz ýanyna çekip bilerin hasap etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

özüňe döz getirip bilmezlik, özüňe buýrup bilmezlik

Özüňe diýen etdirip bilmezlik, özüňe erk edip bilmezlik.

özüňe gelmek

Huşuň düzelmek, aklyňa gelmek, özüňi dürsemek.

  • Aşyr özüne gelende, gyzyl esgerleriň aýratyn bir ýagdaýa garaşýandyklaryny gördi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

özüňi aldyrmak

Hemmelere ýaramak, özüňi halatmak, özüňi gowy gördürmek.

  • Sazanow işde özüni aldyrdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

özüňi alyp barmak

Belli bir gylykda, häsiýetde bolup, köpçülikde ýa-da başga ýerlerde özüňi saklap bilmek.

özüňi atmak

seret özüňi oklamak

  • Emma şäherlerde-de aç-açan gezip bilmän, gizlinräk ýol bilen Iwanyňka özüni atdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

özüňi bilmezlik

Beýhuş bolup ýatmaklyk, aklyňy ýitirmeklik.

  • Wepa özüni bilmeýärdi. (A. Gowşudow, Eserler)

özüňi dürsemek

Özüňe gelmek, ynjalmak.

  • Biz Mommady halamazdyk, ol özüni bizden ýokary tutýardy ahyryn. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

özüňi ele almak

  1. Özüňe erk edip bilmek etjek işiňe akylyňy ýetirmek.

  2. Öz eliň öz ýakaň bolmak, hemme zat öz ygtyýaryňda bolmak, erk-ygtyýaryň eliňde bolmak, özüňçe hereket edip bilmek.

özüňi oda urmak

Bir zadyň ugrunda çendenaşa ynjalyksyzlanmak.

özüňi oklamak

Bir ýere gyssagly baryp ýetmek.

  • Tyçenko şäheriň çetindäki tama özüni oklap, gün ýaşyp garaňky düşýänçä şondan çykman ýatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

özüňi oňarmak

  1. Gün-güzeran görmek, öz başyňy özüň çarap, ýaşamagy başarmak.

  2. Özüne erk edip bilmek, özüňi ele almak.

özüňi rastlamak

Özüňi dürsemek, normal ýagdaýa gelmek, ruhlanmak.

özüňi saklamak

Özüňe erk edip bilmek, özüňe buýurmak.

özüňi tijemek

Özüňe seretmek, özüňe garaşyk etmek.

özüňi tutmak

  1. Daýanmak, sagalmak, janlanmak.

  2. Gurply durmuşda ýaşamak, gurplanmak.

  3. Gögerip çykyp, ösüp başlamak.

  4. Dargaman urmak bitin bolmak.

özüňi ýitirmek

Gyssanyp näme etjegiňi bilmän durmak, çaşmak, aljyramak.

  • Heläkçilikli ýagdaýda özüňi ýitirmek.

  • Agyr syrkawyň ýanynda özüňi ýitirmek.

öz2 at

Bir zatda bolan çeýelik, häsiýet.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem öz - özüm, özüň.