[ö:zbaşdak]
Beýlekilerden aýry, hiç kime bagly bolmadyk, garaşsyz.
Feodallar doly özbaşdak bolmaga çalyşypdyrlar. (Orta asyrlar taryhy)
Mehinli indi özbaşdak bir hojalygyň eýesi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Özüçe hereket edýän, öz güýjüne daýanýan, öz kellesi bilen işlemegi başarýan.
Ol özbaşdak adam diýip aýdýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Öz güýjüň bilen, ýekelikde, aýratyn.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem özbaşdak - özbaşdagy.