göbek at

[gö:bek]

  1. Çaga ene garnyndaka, ony enesi bilen birleşdirýän we iýmitlendirýän içege.

    • Goňşudan gelen gartaň aýal çaganyň göbegini kesdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Garnyň ortasyndaky kesilip daňlan düwün, içege düwni.

    • Seniň göbegiň gömlen ýaly, ömür içerde otyrsynň-la! -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem göbek - göbegi.

göbek ene

Ýaňy dogan çaganyň göbegini kesen aýal.

öz göbegiňi özün kesmek

Öz ykbalyňy özüň çözmek, öz garyňa daýanyp gün görmek.

  • Ýetim oglan öz göbegini özi keser. (nakyl)