çukur

  1. Gazylan ýa-da oýulan ýer.

  2. Ýalpak däl, çuň gazylan, çuň.

    • Baryp ýetdi çukur oýa, Kä ýapyrlyp, käte galyp. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  3. Içine gidip duran.

    • Potdynyň gözleri çukur, gelşiksizdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

öz gazan çukuryňa özüň düşmek

Öz eden pyssy-pyjurlygyň üçin günäkär bolmak, özüň zyýan çekmek.