öwlat öw‧lat

[öwla:t]

Dini söz Dini düşünjede «keramatly» hasap edilýän ruhanylylaryň nesline berilýän at.

  • Meniň göwnüme bolmasa, ol öwlat adamsyna aýlanyp barýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Çaşçynyň öwünjeň öwlat ekenligini bolsa, ol diňe häzir bilip galdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem öwlat - öwlady.


Duş gelýän formalary
  • öwlada
  • öwlady
  • öwladydy
  • öwladyndan
  • öwladynyň
  • öwladyň
  • öwlatdyr
  • öwlatlar
  • öwlatlara
  • öwlatlardan
  • öwlatlarynyň
  • öwlatlaryň
  • öwlatlyga