öwh

Kynçylyk çekilende, gaty ýadalanda, bir zadyň güýçli täsiri netijesinde uludan dem almak bilen aýdylýan ümlük.

  • Öwh, daşarynyň sowugy içiňden-bagryňdan geçip barýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Akjagül «öwh» çekip turanyny özi-de duýman galýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem öwh - öwhüm, öwhüň.