öwmek işlik

Taryp etmek, öwgüsini ýetirmek, taryplamak.

  • Gözboýagçylyk etmek üçin goltuklaryň kitapdan doldurup ýören ýaňraly öwmeli däl-de, hakyky okaýan adamlary öwmeli. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Özüni öweniň tanapy çüýrük. (nakyl)

  • Özüňi özüň öwme, seni halk öwsün. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem öwmek - öwdüm, öwdüň, öwüpdir.

öwüp arşa çykarmak

Çendenaşa öwmek, artdyrmak taryplamak.

  • Ol ony öwüp arşa çykardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)