öwlüýä öw‧lü‧ýä

  1. Dini söz Öli jaýlanýan ýer, mazarçylyk, gonamçylyk.

    • Ýetim gözi çemçede, odunçyňky-omçada -- diýlen ýaly, men hem gyrganly öwlüýäniň içinden, töňürtge, tezek çöpläp, öýe gaýtjak bolup durdum. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Dini düşünjede: «keramatly» ýer.

    • Pire, öwlüýä gatna diýýäňmi? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)


Duş gelýän formalary
  • öwlüýäde
  • öwlüýäden
  • öwlüýädir
  • öwlüýädäki
  • öwlüýäler
  • öwlüýälerde
  • öwlüýälerdäki
  • öwlüýälere
  • öwlüýäleri
  • öwlüýälerinde
  • öwlüýäleriniň
  • öwlüýäleriň
  • öwlüýälige
  • öwlüýälik
  • öwlüýäni
  • öwlüýäniň
  • öwlüýäsi
  • öwlüýäsinde
  • öwlüýäsindäki
  • öwlüýäsine
  • öwlüýäsini
  • öwlüýäň