el urmak

  1. Özüňe degişli bolmadyk zady özleşdirmek, almak, öz tarapyňa geçirmek.

    • Men ajymdan ölsem-de, haram mala el urmaryn. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Hoja köpüň malyna el urýarmyş. («Zähmet gahrymanlary»)

  2. Iş etmek, bir işe girişmek, iş bilen meşgul bolmak, bir zat edip başlamak.

    • Öýde belli işe elini urman, Aýlandy ikiýan bir ýerde durman. (A. Kekilow, Söýgi)

    • Ussadan geňeşsiz hiçbir adamyň skwažina el urmaga haky ýok. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  3. Gahar bilen birin urmak, ýençmek, kakmak.

    • Hiý-de adama, onda-da aýala el urarlarmy?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Aýal maşgalany zorlajak bolmak, zorlamak bolup synanyşmak.

    • Asyl Mährijemal hem soragda: --Maňa «el urdy!» -- diýip görkezipdir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Bally gotur maňa «el urjak» bolanda, bar, uýaňa ýapyş! -- diýdim. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Degişli sözi