Wagtyň bolmak, ýetişmek.
Şol mahal düşünjek bolmaga eli hem ýetmeýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Bir zat etmäge mümkinçiligiň bolmak.
Gördüňmi, oba adamlarynyň meň bilen sözleşişlerini! Näme üçin diýseň, indi meniň elim uzadan ýerime ýetýär. (N. Saryhanow, Arzuw)
Gadym döwürdäki ýaly biz näme çörege zarmy, elimiz uzadan ýerimize ýetmeýärmi?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Onuň elleriniň ýetmeýän ýeri bolmaly däl ahyryn! (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)