Türkmen dili

Tekst

Tekst birnäçe sözlemleriň many we grammatik taýdan birleşmesinden hasyl balýar. Möçberi, tematikasy we gurluşy boýunça tekstler dürli-dürli boýarlar. Olaryň birnäçesi möçberi boýunça bir abzasa deň bolsa, beýlekileri birnäçe abzasdan ybarat bolýarlar.

Tekstleriň käbirleri beýan etme, başga birleri suratlandyrma, üçünjileri bolsa pikir ýöretme görnüşleridir. Bu üçüsiniň elementleri şol bir tekstde hem duşup biler.

Tekstdäki sözlemler iki ýol bilen düzülýärler:

  1. Sözlemleriň yzygider birikmeginden.

    Sözlemleriň yzygider birikmesinden öňdäki sözlemiň, haýsy-da bolsa, bir özbaşdak sözüne derek soňky sözlemlerde ýa çalyşmalar, ýa ol sözüň sinonimi, ýa-da özi gaýtalanyp ulanylýar.

    Artygyň gapa gelip, alaşasynyň başyny çekenini gördi (B. Kerbabaýew, "Aýgytly ädim").

  2. Olaryň parallel baglanyşmagyndan.

    Sözlemleriň parallel baglanyşygynda teksti düzýän özbaşdak sözlemler gurluşy taýdan biri-birlerine ýakyn bolýarlar.

    Mal kowýan, sygyr gaýtarýan oglanlaryň çasly sesleri eşidilýärdi (B. Kerbabaýew, "Aýgytly ädim").

Abzas

Türkmen diliniň orfografiýasynda ulanylýan ýazuw belgileriň biri-de abzasdyr. Ol tekstiň dürli ýerlerinde ulanylmak bilen pikiriň many, häsiýet, öwüşgin we ş.m. boýunça dürli bölekleriniň arasyny çäkleýär. Bu abzas çap edilen ýa golýazma tekstiň birinji setirinde, şeýle hem soňraky dürli bölekleriniň setir başynda goýulýan boş ýerdir. Abzas diýlip käte iki abzasyň arasyndaky tekst bölegine hem düşünilýär. Abzasa mysaly siz çap edilen ýa-da golýazma görnüşindäki islendik çeper ýa-da ylmy eserde synlap bilersiňiz.