Türkmen dili

Sözlemiň aýyklaýjy agzalary

Sözlemde baş agzalara ýa-da özara bir-birlerine baglanyp, olary aýyklap, olar dogrusynda belli bir soraga jogap bolup gelýän sözlere aýyklaýjy agzalar diýilýär.

Oraz işden öýlän geldi.

Aýyklaýjy agzalar öz baglanýan sözleri taýyndan iki topara bölünýärler: aýyrgyçlar we doldurgyçlar.

Aýyrgyçlar

Sözlemde atlara, at rolunda gelen sözlere baglanyp, olary aýyklap gelen sözlere aýyrgyçlar diýilýär.

Onuň gürrüňini kesdiler.

Aýyrgyçlar aýyklaýan sözlerine ylalaşma, ýanaşma we eýerme ýollary arkaly baglanýarlar.

Aýyrgyçlar aňladýan manylaryna, jogap bolýan soraglaryna we baglanyş ýollaryna garap, üç topara bölünýärler:

  1. Degişlilik aýyrgyjy kimiň? nämäniň? niräniň? haýsy? diýen soraglara jogap bolup, sözlemiň atlardan bolan we at formasyn-da gelen agzalaryna baglanýar. Ol many taýyndan bir zadyň kimiňki ýa nämäniňkidigini, kime, nämä degişlidigini, gymyldynyň hem kime, nämä dahyllydygyny görkezýär.

    Artygyň (kimiň?) gözi ýoldady.

    Baglanýan sözüni aýyklap gelen söz eýelik düşümiň goşulmasyz formasynda gelende hem degişlilik aýyrgyjy hasap edilmelidir.

    Ýakymly aýdym (nämäniň?) sesi gelýärdi.

  2. Sypat aýyrgyjy neneňsi? nähili? haýsy? näçenji? nämeden? diýen soraglara jogap bolup, bir zadyň hilini, bolşuny, gylyk-häsiýetini, näçedigini, görnüşini, nämeden edilendigini, kesp-kärini, ornuny görkezip, baş düşüm formasynda bolýar we öz aýyklaýan sözüniň, köplenç, öňünden we käbir ýagdaýlarda hem yzyndan gelýär. Sypat aýyrgyjy sypatlardan, görkezme çalyşmalaryndan, sanlardan, ortak işliklerden, işligiň hökmanlyk formasyndan, kesp-kär we maşgala aragatnaşygyny görkezýän sözlerden bolýar.

    Bu bagda miweli (nähili?) agaçlar köp. (Sypatdan.)

    Şu (haýsy?) kitap kimiňki? (Görkezme çaşylmasyndan.)

    Çagajyklar akar (haýsy?) suwuň boýunda oýnaýardylar. (Ortak işlikden.)

    Biz öýde işlemeli (haýsy?) tabşyryklaryň hemmesini işläp bolduk. (Işligiň hökmanlyk formasyndan.)

    Çopan (haýsy?) Kadyr goýunlary oňat bakýar. (Kesp-kär görkezýän atdan.)

  3. Meňzetme aýyrgyjy kim ýaly? näme ýaly? nire ýaly? diýen soraglara jogap bolup, bir zadyň, bir adamyň başga bir zada ýa-da adama görnüş, häsiýet taýyndan meňzedilýändigini görkezýär we öz yzyndan ýaly, kimin, dek kömekçileri getirilen atlardan bolýar.

    Men jigimiň nar ýaly (näme ýaly?) ýaňagyndan ogşadym.

Doldurgyçlar

Sözlemiň işliklerden bolan her bir agzasyna baglanyp, şolary aýyklap gelýän sözlere doldurgyçlar diýilýär. Doldurgyçlar gymyldy-herekete degişli ýagdaýlary görkezýärler.

Myhmanlar jaýa girdiler.

Doldurgyçlar aňladýan manylaryna we jogap bolýan soraglaryna garap, dokuz topara bölünýärler:

Wagt doldurgyjy

Wagt doldurgyjy aýyklaýan sözüniň aňladýan gymyldy-hereketiniň wagtyny bildirýär we haçan? näwagt? näçe wagt? diýen soraglara jogap bolýar.

Wagt doldurgyjy şular ýaly sözlerden bolup bilýär:

  1. Wagt aňladýan ir, giç, agşam, daňdan ýaly sözlerden.

    Biz çöle ir (haçan?) gitdik.

  2. Wagt-orun düşümdäki käbir sözlerden.

    Biziň göçüp gelenimize üç ýyl (näçe wagt?) boldy.

  3. Öň, soň, owal, bäri ýaly sözleriň kömegi bilen.

    Waka on ýyl mundan owal (haçan?) bolupdy.

    Biz iki sagatdan bäri (haçandan bäri?) saňa garaşyp otyrys.

  4. Çenli sözüniň kömegi bilen.

    Biz bu işi agşama çenli (haçana çenli?) gutararys.

  5. Çykyş düşümde gelen käbir sözlerden.

    Oýun ýene bäş günden (haçan?) başlanýar.

Orun doldurgyjy

Orun doldurgyjy kimde? nämede? nirede? diýen soraglara jogap bolup, sözlemde aňladylýan pikiriň ornuny, bolan ýerini görkezýär. Orun doldurgyjy wagt-orun düşümindäki sözlerden bolýar.

Amanda (kimde?) gowy kitaplar köp.

Görkezme çalyşmalary käbir ýagdaýlarda yzlaryndaky söz bilen bilelikde orun doldurgyjy bolup biler.

Bu ýerde (nirede?) uly stadion guruljak.

Wagt-orun düşümdäki tarap, ýan, gapdal sözleri özlerini aýyklaýan sözler bilen bile orun doldurgyjy bolup biler.

Biz klubuň bäri tarapynda (nirede?) durduk.

Ýöneliş doldurgyjy

Ýöneliş doldurgyjy kime? nämä? nirä? näçä? diýen soragla jogap bolup, sözlemde aňladylýan pikiriň, gymyldynyň nirä ýönelendigini kime, nämä gönükdirilendigini görkezýär. Ýöneliş doldurgyjy ýöneliş düşümdäki sözlerden bolýar.

Olar düýn Tejene gitdiler.

Aňryk, bärik, ilerik, gaýrak, aşak, ýokaryk ýaly tarap görkezýän sözler şol duruşlaryna ugur görkezip bilýändikleri üçin ýöneliş-doldurgyjy bolýarlar.

Oglanlar ilerik gitdiler.

Tarap, ýan, taý, gapdal sözleri hem ýöneliş düşümde gelende, ýöneliş doldurgyjy bolup bilýär.

Otly gygyryp, gapdala süýnüp gitdi.

Ýöneliş doldurgyjy bir zadyň san taýdan bahasyny hem aňladyp biler.

Men ýaglygy on bäş manada aldym.

Eňiş doldurgyjy

Eňiş doldurgyjy kimi? nämäni? niräni? näçäni? diýen soraglara jogap bolup, gymyldynyň haýsy zada geçýändigini, haýsy zada täsir edýändigini görkezýär we ýeňiş düşümdäki sözlerden bolýar.

Ellini ikä bölüň.

Hakyndalyk doldurgyjy

Hakyndalyk doldurgyjy kim hakynda? näme hakynda? kim dogrusynda? näme dogrusynda? diýen soraglara jogap bolup, işiň bir adam ýa bir zat hakyndalygyny aňladýar.

Bu doldurgyç at formasynda ýa-da at ýerine ulanylýan her bir sözüň yz ýanyndan hakynda, dogrusynda, barasynda, babatynda, hakda, dogruda, barada ýaly kömekçi sözleri getirmek bilen emele gelýär.

Mugallym şahyr hakda gürrüň etdi.

Çykyş doldurgyjy

Çykyş doldurgyjy kimden? nämeden? nireden? näçeden? diýen soraglara jogap bolup, köplenç, gymyldynyň başlanan nokadyny, bir zadyň alnan ýerini, onuň nämeden edilendigini we şuňa meňzeşleri görkezip biler. Çykyş doldurgyjy çykyş düşümdäki sözlerden bolýar.

Oraz işden çykdy.

Sebäp hem maksat doldurgyjy

Sebäp hem maksat doldurgyjy kim sebäpli? näme sebäpli? kim üçin? näme üçin? näme etmäge? diýen soraglara jogap bolup, gymyldynyň ýüze çykmagynyň sebäbini ýa-da maksadyny görkezýär. Ol şu aşakdaky kömekçi sözler arkaly hasyl bolýarlar.

Baş düşümde gelen atlardan soň sebäpli, zerarly, mynasybetli kömekçilerini getirmek bilen.

Biz ulagsyzlyk zerarly (näme zerarly?) kösendik.

Baş we eýelik düşümlerde gelen atlardan, at rolunda gelen sözlerden işligiň nämälim formasyndan soň üçin, ýolunda, ugrunda, maksady bilen kömekçilerini getirmek arkaly.

Ejem meni görmek üçin gelipdir.

Ýöneliş düşümde gelen işligiň nämälim formasy kömekçi sözsüz-de sebäp hem maksat doldurgyjy bolup biler.

Olar ýaryşmaga geldiler.

Hal-ýagdaý doldurgyjy

Hal-ýagdaý doldurgyjy nädip? neneňsi? nähili? näme bilen? kim bilen? diýen soraglara jogap bolup, gymyldynyň nähili ýagdaýda, neneňsi bolup ýüze çykanyny, onuň hilini, başga biri bilen bilelikde bolanyny, kim ýa näme üsti bilen ýerine ýetirilenini we şu meňzeşleri görkezip biler.

Sona köýnegi çalt we oňat tikýär.

Hal-ýagdaý doldurgyjy birnäçe ýollar bilen ýasalýar:

  1. Ýagdaý görkezýän hallardan.

    Ol suwda arkanlygyna ýüzdi.

  2. Hal işliklerden.

    Ol işine pyýadalap gitdi.

  3. Yzlaryna -ça, -çe goşulyp ýasalan sözlerden.

    Biz klasda rusça öwrenýäris.

  4. Hal roluna gelen sypatlardan.

    Ýeňiş gününi dabaraly belledik.

Meňzetme doldurgyjy

Meňzetme doldurgyjy neneňsi? nähili? diýen soraglara jogap bolup, bir gymyldy-hereketiň ikinji bir gymylda meňzedilýändigini görkezýär we öz yzyndan ýaly, kimin, dek (deý) kömekçileri getirilen sözlerden bolýar.

Ol ýaý kimin büküldi.

Meňzetme doldurgyjy -ça, -çe goşulmasyny kabul eden atlardan hem bolup bilýär.

Duşmanyň peşeçe bolsa, pilçe (nähili?) gör.