Türkmen dili

Sözlem

Biz kimdir birine öz pikirimizi ýetirmek üçin gepleýäris hem ýazýarys. Biziň gepleşigimiz we ýazuwymyz aýratyn sözlemlerden ybarat bolýar. Gutarnykly pikir aňladýan söze ýa sözler ýygyndysyna sözlem diýilýär. Sözlemler gutarnykly intonasiýa bilen aýdylýarlar. Olaryň ilkinji harpy mydama baş harp bilen ýazylýar.

Sözlemiň grammatik hyzmaty onuň bir zady habar bermäge, soramaga ýa-da ýüzlenmäge hyzmat edýänligidir. Sözlemler birnäçe toparlara bölünýärler. Sözlemler öz aňladýan manylary boýunça üç hili bolýar:

  1. Habar sözlemi bir zady habar bermegi aňladýar, onuň soňunda nokat (.) goýulýar.

    Biz geldik.

  2. Sorag sözlemi bir zady soramagy aňladýar, onuň soňunda sorag belgisi (?) goýulýar.

    Eje, şu gün näme bişirdiň?

  3. Ýüzlenme sözlemi ýüzlenmegi, begenmegi, haýyşy, gahary aňladýar, onuň soňunda ýüzlenme belgisi (!) goýulýar.

    Ura, ertir kakam geljek!

Sözlemde logiki basym

Sözlemdäki zerur hasaplanýan sözüň nygtalyp aýdylmagyna logiki basym diýilýär. Logiki basymdan peýdalanylmagy sözleýşimiziň täsirliligini artdyrýar.

  1. Jeren kolhozdan ir geldi.
  2. Jeren kolhozdan ir geldi.
  3. Kolhozdan Jeren ir geldi.

Pauza hem intonasiýa

Pikiriň diňleýjä aýdyň we düşnükli ýetirilmegi üçin sözleýişde azajyk säginilýär. Şol säginmä pauza diýilýär. Säginmäniň belgisi iki dik çyzykdyr.

Şu gün okuwçylar // öňkülerinden // has ir // geldiler.

Käbir halatlarda sözlemde pauzanyň orny üýtgände, sözlemiň aňladýan manysy hem üýtgeýär.

Belli bir sözüň, söz düzüminiň ýa-da sözlemiň degişli, gerekli äheňde aýdylmagyna intonasiýa diýilýär. Gepleýşiň, sözleýşiň sazlaşykly, mylaýym heňli gurluşy, geplenende äheňiň, sesiň ýokary galyp we aşak düşüp durmagy intonasiýa mahsus bolan alamatlardyr.

Sözlemde sözleriň baglanyşlary

Söz düzümleri we sözlemler sozleriň özara baglanyşmaklary netijesinde hasyl bolýarlar. Bu baglanyşygyň iki hili görnüşi bar: garaşly we garaşsyz baglanyşygy.

Sözlemde sözleriň garaşsyz baglanyşygy

Sözleriň deň hukukly baglanyşygyna garaşsyz baglanyşygy diýilýär. Şu ýol bilen deňdeş agzalar, ýüz tutma sözler we tirkeş sözler baglanyşýarlar.

Guljan, Merjen, Gül üçüsi öýe girip gitdiler.

Sözlemde sözleriň garaşly baglanyşygy

Garaşly baglanyşykda bir söz ikinji söze garaşly bolup, garaşly söz esasy sözi aýyklap gelýär.

Ak kepderi uçup gitdi.

Garaşly baglanyşykda garaşly sözler esasy sözlere ylalaşma, eýerme, ýanaşma ýollary bilen baglanyşýarlar.

  1. Ylalaşma baglanyşygy - garaşly sözüň esasy söz bilen sanda we ýöňkemede ylalaşmagy. Bu baglanyşyk, esasan, eýe bilen habaryň arasynda bolýar.

    Enem (1-san) derrew ýola (1-san) çykdy.

  2. Ýanaşma baglanyşygy - garaşly sözüň esasy söz bilen hiç hili üýtgediji goşulmasyz we kömekçi sözsüz diňe tertip taýyndan baglanyşygy.

    Beýik daglar dumanlap görünýär.

  3. Eýerme baglanyşygy - garaşly sözüň esasy söze eýermegi bilen ýüze çykýan baglanyşyk. Bu baglanyşykda garaşly söz esasy söze, onuň talap etmegine görä, düşüm goşulmalarynyň ýa-da sözsoňy kömekçileriniň üsti bilen baglanyşýar.

    Suwsap iýeňde garpyz agzyňa bal ýaly degýär

    Şu sözlemde bal diýen garaşly söz ýaly kömekçisi arkaly degýär sözüne baglanýar.

Sözlemde sözleriň tertibi

Sözlemde sözleriň tertibi arkaly biz sözlemdäki iň zerur sözi ýüze çykarýarys. Türkmen dilinde, köplenç, eýe sözlemiň başynda, habar hem ahyrynda gelýär. Poeziýa eserlerinde bu kadanyň saklanylmaýan, sözleriň tertibiniň üýtgedilýän ýagdaýlary köp duşýar. Şuňa dilde inwersiýa diýilýär.

Soradym (habar) men alymdan (eýe)
Diledim (habar) men zalymdan (eýe).