Türkmen dili

Goşma sözlemler

Birnäçe ýönekeý sözlemden düzülip, çylşyrymly pikiri aňladýan sözleme goşma sözlem diýilýär.

Goşma sözlemleri hasyl edýän ýönekeý sözlemler deň derejede düzülýärler.

Ýyldyrym çakdy we ýagyş ýagdy.

Ol sözlemleriň her biri özbaşdak ulanylyp bilinýär.

Goşma sözlemler öz aralaryndaky aragatnaşyga we baglanyşyga garap iki esasy topara bölünýärler: düzmeli goşma sözlemler we eýerjeňli goşma sözlemler.

Düzmeli goşma sözlemler

Bir-birine garaşsyz we her biriniň özbaşdak ulanylmagy mümkin bolan ýönekeý sözlemlerden ybarat goşma sözleme düzmeli goşma sözlem diýilýär.

Düzmeli goşma sözlemi hasyl edýän ýönekeý sözlemleriň aralaryndaky aragatnaşyk we baglanyşyk intonasiýa we baglaýjy kömekçiler arkaly hasyl bolýar. Düzmeli goşma sözlemi emele getirýän ýönekeý sözlemleriň her biriniň aýratyn eýesiniň we aýratyn habarynyň bolmagy şertdir. Şol tarapdan hem olar deňdeş agzalardan tapawutlanýarlar.

Şu gün goňşymyza myhman gelipdi, şonuň hormatyna ol menem öýlerine çagyrdy.

Düzmeli goşma sözlemde baglanyşyk

Düzmeli goşma sözlemleri emele getirýän ýönekeý sözlemler biri-birlerine düzülme ýoly bilen deň hukukly esasda baglanyşýarlar. Bu baglanyşyk intonasiýa we baglaýjy kömekçiler arkaly ýüze çykýar.

Düzmeli goşma sözlemi hasyl edýän ýönekeý sözlemler bir-birlerinden otur arkaly aýratynlandyrylýar.

Düzmeli goşma sözlemi hasyl edýän ýönekeý sözlemleriň hemmesinde bir wagtda, bir ýerde bolup geçýän wakalar görkezilýän bolsa onda olar üçin bir umumy aýyklaýjy agza bolup biler.

Klasda okuwçylar okadylar, mesele işlediler, öý işlerini bellediler.

Ýönekeý sözlemleriň umumy aýyklaýjylary şol bir sözi zol gaýtalap durmakdan halas edýär. Bu bolsa dilimiziň gysga, çeper we täsirli bolmagyna ýardam edýär.

Düzmeli goşma sözlemleriň görnüşleri

Baglanyşlary we pikir aňladyşlary boýunça düzmeli goşma sözlemleriň birnäçe görnüşi bar:

Ugurdaşlygy aňladýan düzmeli goşma sözlemler

Ugurdaşlygy aňladýan düzmeli goşma sözlemleri hasyl edýän ýönekeý sözlemleriň hemmesi ugurdaş pikiri aňladýarlar. Olar intonasiýa hem-de we, hem, -da, -de baglaýjylary arkaly baglanyşýarlar.

Ýazuwda intonasiýa arkaly baglanyşýan ýönekeý sözlemleriň arasynda otur goýulýar.

Toý sowuldy, märeke dargady, sen bolsa geler ýerde gelmediň.

Düýn ýel boldy we ýagyş ýagdy.

Düýn ýel boldy hem ýagyş ýagdy.

Düzmeli goşma sözlem üç ýa dört sany ugurdaş manyly sözlemlerden düzülen bolsa, öňdäki sözlemleriň arasynda otur goýlup, soňkularyň arasynda we, hem, ýaly ugurdaşlygy görkezýän kömekçileriň biri gelip biler. Ýazuwda we kömekçisi gelen ýerde otur goýulmaýar. Hem kömekçisi bir gezek gelende, otur goýulmaýar. -Da, -de kömekçisi defis arkaly ýazylyp, onuň bilen gelen ýönekeý sözlemleriň arasynda otur goýulýar.

Gün çykdy-da, töwerek ýagtylyp gitdi.

Garşylygy aňladýan düzmeli goşma sözlemler

Emma, ýöne, weli kömekçileri garşylygy aňladýarlar. Olar düzmeli goşma sözlemiň düzümindäki ýönekeý sözlemleriň arasynda gelip, bir sözlemden aňlanylýan pikiriň beýleki sözlemdäki pikire garşydygyny bildirýärler.

Ol bu zatlary hiç haçan aýdyp bilmejekdigine ynanypdy, ýöne gyzy görenden bu zatlary aýtmalydygyna düşündi.

Hyzmatlary boýunça meňzeş bolany üçin, bu kömekçileri biri-birleriniň deregine hem ulanyp bolýar.

Emma, ýöne kömekçileriniň öň ýanyndan otur goýulýar. Weli kömekçisiniň bolsa otur, hemişe yz ýanyndan goýulýar.

Daň atdy weli, biz hem ýola düşdük.

Garşylygy we şerti aňladýan düzmeli goşma sözlemler.

Ýogsa (ýogsam), bolmasa - garşylygy we şerti görkezýärler.

Bu kömekçiler hem, esasan, özleriniň iki ýanyndaky sözlemler arasynda many taýyndan garşylyk bardygyny görkezýärler.

Kitabym ýanymda däl, ýogsam bererdim.

Men eliňden tutaýdym, bolmasa ýykylýardym.

Otur bu baglaýjy kömekçileriň öň ýanyndan goýulýar.

Ikiuçlulygy aňladýan düzmeli goşma sözlemler

Düzmeli goşma sözlemleriň bu görnüşini hasyl edýän ýönekeý sözlemler ýa, ýa-da (ýa-ha) kömekçileri arkaly baglanyşýarlar. Olar goşma sözlemde sanalýan wakalaryň haýsy-da bolsa biriniň bolýandygyny görkezýärler. Bu kömekçi, köplenç, tirkeşdirilip ulanylýan sözlemleriň her biriniň öň ýanyndan gelýär we şol sözlemleriň sanlaryna görä birnäçe gezek gaýtalanyp bilýär.

Ýa, ýa-da kömekçileri sözlemde bir gezek gelse, otur goýulmaýar. Gaýtalanyp gelenlerinde öň ýanlarynda otur goýulýar.

Şu gezek ýa sen alarsyň, ýa-da men.

Gezekleşigi aňladýan düzmeli goşma sözlemler

Bu hili düzmeli goşma sözlemleriň düzümindäki ýönekeý sözlemler kä (käte) kömekçisi arkaly baglanyşýarlar. Olar ýönekeý sözlemleriň öň ýanlaryndan gelýärler we wakalaryň, hadysalary gezekli bolýandygyny aňladýarlar.

Gyş günleri kä gün çykýar, kä howa bulutlaşýar-da, ýagyn ýagýar.

Ýazuwda otur gaýtalanyp gelýän kä (käte) kömekçisiniň öňünde goýulýar.

Kä olar bize gelerdiler, käte bolsa biz barardyk.

Ýoklugy aňladýan düzmeli goşma sözlemler

Bu sözlemleriň sostawyndaky ýönekeý sözlemler ne kömekçi arkaly baglanyşýarlar. Olar sanalýan wakalaryň, hadysalaryň hiç biriniň hem bolmaýandygyny aňladýarlar.

Iň soňky gaýtalanylýan ne kömekçisi ne-de görnüşinde hem ulanylyp bilner.

Ýazuwda gaýtalanyp gelýän ne (ne-de) kömekçisiniň öňünden otur goýulýar.

Obada ne mal-garanyň, ne-de itleriň sesi eşidilýärdi.

Eýerjeňli goşma sözlemler

Ýönekeý sözlemleriň biri baş pikiri aňladyp, beýlekisi baş pikiri aňladýan sözlemiň belli bir agzasyny aýyklap gelýän goşma sözleme eýerjeňli goşma sözlem diýilýär.

Eýerjeňli goşma sözlemde baş pikiri aňladýan sözleme baş sözlem diýilýär. Baş sözlemiň habaryny ýa işlikden bolan başga bir agzasyny aýyklap gelýän sözleme eýerjeňli sözlem diýilýär. Baş we eýerjeň sözlemler goşulyşyp, bitewi bir many aňladýarlar.

Meselem:
Eýerjeň sözlem Baş sözlem
Okuw gutaran soň, öýmüze gaýtdyk.

Baş sözlemiň özbaşdak eýesi we habary bolýar, ol özbaşdak ulanylyp hem bilinýär. Eýerjeň sözlem bolsa özbaşdak ulanylyp bilinmeýär.

Eýerjeňli goşma sözlemler hem, düzmeli goşma sözlemleriň hem birnäçesi ýönekeý sözlemleriň birikmeginden emele gelýärler. Bu goşma sözlemleriň ikisi-de çylşyrymly pikiri, düşünjäni aňlatmaga hyzmat edýär.

Diňe düzmeli goşma sözlemde ýönekeý sözlemler garaşsyz ýol bilen baglanyşýar. Emma eýerjeň sözlemde eýerjeň sözlemler baş sözleme garaşly bolýarlar. Eýerjeň sözlemler baş sözlemiň habaryna ýa işlikden bolan başga bir agzasyna aýyklaýjy hökmünde baglanýarlar. Şonuň üçin hem olaryň köpüsi birnäçe aýyklaýjylar bilen meňzeşdirler. Eýerjeň sözlemler gutaran görnüşe geçmedik sözlemden ybarat. Mundan başga-da eýerjeň sözlemleriň özbaşdak eýeleri (hemme ýerde däl), habarlary we aýyklaýjy agzalary bolup bilerler. Şol taraplardan hem eýerjeň sözlemler aýyklaýjylardan tapawutlanýarlar.

Eýerjeň goşma sözlemleriň görnüşleri

Eýerjeň sözlemler baş sözlemde aňladylýan pikiriň wagtyny, ýüze çykmagynyň sebäbini, şertini, hal-ýagdaýyny bildirýärler. Eýerjeňli goşma sözlemler aňladýan manylaryna garap, topara bölünýärler.

Wagt eýerjeň sözlemi

Wagt eýerjeň sözlemi baş sözlemde aňladylýan pikiriň wagtyny aňladyp, haçan? näwagt? diýen ýaly soraglara jogap bolýar.

Wagt eýerjeň sözlemleri baş sözlemdäki hereketiň wagtyny görkezýärler.

Men mekdebe gelenimde, klasda hiç kim ýokdy.

Gün dogandan soň, biz oba tarap ugrapdyk.

Sebäp eýerjeň sözlemi

Sebäp-eýerjeň sözlemi baş sözlemde aňladylýan pikiriň sebäbini görkezip, näme üçin? näme sebäpli? diýen soraglara jogap bolýar.

Sebäp eýerjeň sözlemi baş sözleme baglaýjy sözler we kömekçiler arkaly baglanýar.

Ýaz günleri ýagyn köp ýagýanlygy sebäpli, tozan az bolýar.

Zehinli bolanyňa görä, hemme derslerden gowy baha aldyň.

Sen kitaby getirersiň diýip, gaty arkaýyn boldum.

Şert eýerjeň sözlemi

Baş sözlemdäki aňladylýan pikiriň ýüze çykmagy we çykmazlygy üçin gerek bolan şerti, ýagdaýy görkezýär.

Şert eýerjeň sözleminiň habary işligiň şert formasynda bolýar.

Ýagyş ýagsa, howa salkyn bolýar.

Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer.

Garşylykly eýerjeň sözlemi

Bu eýerjeň sözlemler baş sözlemdäki aňladylýan pikire garşylykly bolan pikiri aňladýar. Şeýlelik bilen, eýerjeň sözlemdäki pikire garanda, baş sözlemde pikir, sözleýän adamyň düşünişine görä tersine bolmaly ýaly görünýär.

Garşylykly eýerjeň sözleminiň habary işligiň belli bir ýöňkemede gelen şert işlik formasynyň soňuna ýa -da, -de goşulmasyny goşmak bilen, ýa-da ondan öň ýa soň hem kömekçisini getirmek bilen ýasalýar.

Men ýuwaş ýöräp gitsem hem, okuwa jaň kakylmanka bardym.

Wagtymyň az bolmagyna seretmezden, men çeper edebiýat eserlerini köp okamagy dowam etdirýärin.

Meňzetme eýerjeň sözlemi

Meňzetme eýerjeň sözlemi baş sözlemdäki gymyldynyň, hereketiň eýerjeň sözlemdäki gymyldy, herekete meňzedilýändigini aňladýar.

Meňzetme eýerjeň sözleminde habar bolup gelen söz öz yzyndan ýaly, kimin, dek kömekçileri gelen iş atlaryndan (gelşi ýaly, durşy dek) ýa ortak işliklerden, ýa-da ortak işlik bilen aýyklanýan atlardan bolup biler.

Öz kölegäňden gaçyp gutulyp bolmaýşy ýaly, şol etmişiňden gaçyp gitmek mümkin däl.

Hal eýerjeň sözlemi

Hal eýerjeň sözlemi baş sözlemiň işlikden bolan habaryna ýa işlikden bolan başga bir agzasyna baglanyp, gymyldynyň nä halda, nä ýagdaýda ýüze çykýandygyny, nä ýagdaýda amala aşyrylýandygyny görkezýär. Her hili bolsa-da, hal eýerjeň sözlemindäki aňladylýan gymyldy baş sözlemdäkiden öň bolup gutaran bolmalydyr.

Men işimi gutaryp, ol ýerde oturan ýoldaşlarymyň ýanyna baryp, olar bilen top oýnamaga gitjek.

Käbir wagtlarda hal eýerjeň sözlemi baş sözlemdäki aňladylýan pikiriň wagtyny hem görkezip biler. Şeýle bolanda, hal eýerjeň sözlemi aňladylýan gymyldy bolup gutarandan soň, baş sözlemdäki gymyldynyň ýüze çykanlygy aňlanýar. Hal eýerjeň sözlemi bolsa baş sözlemiň habaryna degişli haçan? diýen soraga jogap bolýar.

Men işden gelip, Maraly görjek.

Eýerjeňli goşma sözlemlerde baglanyşyk we dyngy belgiler

Eýerjeň sözlemler baş sözleme baglaýjy we sözsoňy kömekçileriň, esasan-da dürli formada gelen sözleriň kömegi bilen baglanyşýarlar.

Ony görenden, Röwşeniň ýüzi üýtgedi.

Gar köp ýagsa, toprak gurplanýar.

Eýerjeň sözlemler baş sözleme aýyklaýjy sözler hökmünde baglanýandyklary sebäpli, işlikden bolan habara baglanan aýyklaýjylaryň we eýäniň özara ýerlerini üýtgedişleri ýaly, olar baş sözlemiň öňünde, ortasynda hem habaryň edil öň ýanynda gelip bilerler.

Eýerjeň sözlemler ýazuwda baş sözlemden otur arkaly aýratynlandyrylýar.

Biz oba gelenimizden soň, gün ýaşdy.

Durdy, düýn kellesi agyrany sebäpli, oýundan galdy.

Daşaryk seretsem, aý bireýýäm dogupdyr.

Eger eýerjeň sözlem baş sözlemiň habarynyň edil öň ýanyndan gelse, eýerjeň hem baş sözlemleriň arasynda otur goýulmaýar, eýerjeň sözlemiň habary baş sözlemiň habary bilen goşulyşyp gidýär.

Gün biz oba gelenimizden soň ýaşdy.

Içinde birnäçe eýerjeň sözlemi bolan eýerjeňli goşma sözlem

Eýerjeň goşma sözlemleriň düzüminde ýeke eýerjeň sözlem bolman, käbir ýagdaýda birnäçe eýerjeň sözlem-de bolup bilýär. Birnäçe eýerjeň sözlemi bolan goşma sözlemlerde eýerjeň sözlemleriň käbiri öz biri-birini aýyklasa, başga biri ýa-da birnäçe baş sözleme baglanýarlar we ony aýyklaýarlar.

Öýlänçi gelende, hemmeler ylgasalar-da, hiç kim geň görmeýärdi.

Bu eýerjeň sözlemler biri-biri bilen intonasiýa arkaly baglanyp, otur arkaly aýratynlandyrylýarlar.