wagt

  1. Filosofiýada: Birsyhly hereketdäki materiýanyň dowam etmeginiň obýektiw formasy.

    • Hemme zat şerte ýere we wagta baglydyr.

  2. Bir zadyň sekunt, minut, sagat, , ýyl we ş. m. bilen ölçelýän, kesgitlenýän dowamy, uzaklygy, aralygy.

    • Sähet hem jigitlikde ep-esli wagt gulluk etdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Özbek pagtaçylarynyň gelip gidenine bir hepdä golaý wagt geçipdi. («Bahar»)

  3. Bir zadyň bolup geçýän döwür aralygy, sagadyň, günüň, aýyň, ýylyň çalyşýan yzygiderli dowamy.

    • Iş köp wagty talap edýär.

  4. Döwür, möwsüm.

    • Kynçylykly wagtlar geçdi.

  5. Bir zadyň bolup geçýän çagy.

    • Gyş wagty sowuk bolýar.

bir wagtlar

  1. Öň bir zaman, geçmişde, öňler.

    • Bir wagtlar bolan gürrüň.

  2. Geljek bir zamanda, geljekde.

gymmat wagt

Iň ähmiýetli wagt, iň peýdaly, gerekli wagt, möwsüm, pursat.

  • Biz gymmat wagty elden berýäris. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)