wagşy

  1. Ýyrtyjy, ýabany (haýwan hakda).

    • Onuň pikiriçe wagşy haýwanlaryň hemmesi otdan gaçarmyş. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Göçme manyda Haýwan, zalym, wyždansyz.

    • Hiç gözi açylman wagşy talaşdan, Köp agyr asyrlar geçiren başdan. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Wagşylary gyrgyn janym, Hallymjan! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)