takat at

[ta:kat]

Sabyr, çydam, dözüm, karar.

  • Aýsoltanyň ejesiniň soňsuz mysallaryna takady ýetmedi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Eý söýgülim, saňa salam ýazmasam ýürek takat bermez, wyždanym ýetmez. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem takat - takady.

takatdan düşmek

Bikarar bolmak, ynjalyksyz ýagdaýda bolmak.