sokmak1 işlik

  1. Bir zady bir ýere iteläp girizmek, deşip geçirmek, salmak, dykmak.

    • Gezligi möjegiň agzyndan sokup, bokurdagyndan dilerin. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  2. Çakyp zäherini goýbermek, ýaralamak (ary, ýylan we ş. m. hakda).

  3. Gepleşik dili Aýakgap ýa-da geýim geýmek.

    • Şol dony egniňe sok-da gidiber!

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem sokmak - sokdum, sokduň, sokupdyr.

ýere sokmak

seret ýer

  • Nädersiň şu duran ýeriňde ýere sokaýsam! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

sokmak2 işlik

Dialektal söz Uly ýoldan bir tokaýlygyň otlugyň we ş. m. içi bilen aýrylyp gidýän ýodajyk.

  • Ol sokmak ýola düşüp, oba tarap gönüledi.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem sokmak - sokdum, sokduň, sokupdyr.