sokulmak işlik

  1. Bir ýere dykylyp, itilip girizilmek, salnyp goýulmak.

    • Diwaryň ýüzündäki deşige kesek sokulypdyr.

  2. Bir ýere bir zat sanjylmak, dürtülmek.

  3. Gepleşik dili Aýakgap ýa-da geýim geýilmek.

    • Şol wagt gabat gelen geýim egne sokulyp gidilipdir.

  4. Hemme zadyň arasyna goşulyp, göze-başa düşmek, ara goşulmak.

    • Indi näme ýene sokulyp ara, garrylary goýýarmyşyn azara. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  5. Arasyna aralaşmak, girmek, bir ýere girip bukulmak.

    • Molla Hoşly özüni onda-munda urup, nirä sokularyny bilmändir. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • sokulan
  • sokulanda
  • sokulandygyny
  • sokulandyr
  • sokulansoň
  • sokulany
  • sokular
  • sokularda
  • sokularsyň
  • sokulary
  • sokularyny
  • sokulaýsaň
  • sokuldy
  • sokulma
  • sokulmadyk
  • sokulmagyny
  • sokulmak
  • sokulmaz
  • sokulmaýan
  • sokulyp
  • sokulypdyr
  • sokulýan
  • sokulýar