ýer at

  1. Öz okunyň we Günüň daşynda aýlanýan, Günden kiçi üçünji planeta.

    • Merkuriý, Wenera, Ýer planetalary Günüň töwereginde aýlanýarlar. («Fizika Kursy»)

    • , Ýere, göge erk edip-de soraýas, Taryhda gyzykly döwr etdi kanun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Suwly giňişlikleriň, deňziň tersine gurulyk, gury giňişlik.

    • Ýere bakandan ýer gorkar. (nakyl)

    • Ýer doýman, är doýmaz. (nakyl)

    • Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer. (nakyl)

    • Ýer ala, ýurt ala. (nakyl)

    • Ýerden tapsaň, sanap al. (nakyl)

    • Ýer görki suw bolar, suw görki -- guw. (nakyl)

  3. Biziň planetamyzyň gabygynyň üstki gaty, toprak.

    • Eziz sesini çykarman, dyrnagy bilen ýer dyrmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bu ýerde ýüz gektardan gowrak ýer bize boýun egýär. («Bahar»)

  4. Ýurt, ülke, döwlet.

    • Onuň bir daban ýeri üçin men janymy bermäge häzir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  5. Biriniň eýeçiliginde, garamagynda bolan peýdalanylýan territoriýa.

    • Derýa mawy lenta ýaly uzalyp, Owgan ýeri bilen arany bölýär. (A. Haýydow, Gök asman)

  6. Orun, jaý.

    • Özleriniň ulaglaryny ýoldan sowmaga ýer gözleýärler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ýaşuly professor öz ýaşyna mahsus bolmadyk çakganlyk bilen ýerinden turdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  7. Biri ýa-da bir zat eýelän, biri ýa-da bir zat bar bolan boşluk, daş-töwerek, giden giňişlik, uçastok.

    • Bu nähili oňat jaý, oňaýly ýer! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Ol ýerde ýazlyk bugdaýdan başga düme künji, nohut we gawun-garpyz ýaly ekinler-de emele gelýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  8. Ýatmak üçin ýorgan-düşek ýazylan orun.

    • Gelniniň öz ýerini gaýyn enesi bilen çagalaryň arasynda salanyny gördüm. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  9. Gulluk wezipesi, kär.

    • Ol gowy ýerde işleýär.

  10. Wagt, pursat.

    • Han küýli janyny emgemeli ýerinde tapylmaýardy. (A. Durdyýew, Han küýli)

  11. Bir zadyň galdyran yzy.

    • Elimiň oda bişen ýeri bildirip dur.

  12. Çat, haryt tabşyrylyp gaýdylyp durlan öý, alyjy.

  13. Göçme manyda Nesil, maşgala.

    • Ol gyz gowy ýeriň maşgalasy ekeni.

gözi ýer görmezlik

seret göz

sözüň ýer tutmazlyk

seret söz

ýan ýer

Suw durmaýan ýapaşak ýer.

ýatan ýeri ýagty bolsun

Ölen adama hormat goýlup aýdylýan söz düzümi.

ýer çeken

Birine käýelende aýdylýan gargyş.

  • Ýaramy gozgama, ýer çeken! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýer depip oturmak

Diýeniňi etdirjek bolup, hötjetlik etmek, öz diýeniňi tutmak.

ýer garbamak

Ýere ýüzin ýykylmak, serilmek.

ýer hopmak

Ýer ýuwutmak, ýer çekmek, ýitirim bolmak, ýok bolup gitmek.

ýer sermenmek

Janygyp bir zat gözlemek.

  • Ýitiren zadyňy gözläp ýer sermenmek.

ýer ýanaşygy bolmak

Bile bir ýerde ekin ekmek.

ýer ýarylmady, men girmedim

Erbet utandym; utanjymdan girere deşik tapmadym.

ýere dulanmak

Ölmek.

  • Şeýle ýüz bilen ýaşandan, abraý bilen ýere dulanan ýagşy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýere girmek

  1. Ýok bolmak, ölmek.

  2. Bir zat üçin gaty utanmak, utançly bolmak.

ýere gurt düşen ýaly

Çakdanaşa köp, örän köp, mygyldy (adam barada).

  • Her erde hereket ýere gurt düşen ýaly. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

ýere sokmak

Ýok etmek.

  • Duşmanlary ýere sokdum, Çekinmedim hiç bir zatdan. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

ýere ýazmak

Ýüzin ýykmak, urup ýykmak.

ýeri duşmak

Mynasyp ýigide durmuşa çykmak (aýal maşgala hakda).

  • Öz maşgalasynyň ýeriniň duşjagyny göz öňünde tutýandyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýeri gelmek

Çemi gelmek, wagty gelmek.

  • Ýeri gelende, bizem bir gezek oňa güleli ahyry! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýeriň pesi bilen

Ýuwaşlyk bilen, hiç kime görünmän.

ýeriň tanapyny külterlemek

Çalt ýöremek, çalt ýöräp gitmek.

  • Gyrat ýeriň tanapyny külterleýär. («Görogly» eposy)

ýeriň teýinde ýylan gäwüşese bilmek

seret gäwüşemek