sogan so‧gan

Botanika Togalak düýbi gat-gat gabykly we uzun ýaşly, iýilýän, nahara atylýan bakja ekini.

  • Näzik eje bir tabak gowurma, bir jamda dogralan pomidor, sogan ýene bir tabakda hem üzüm getirişdirip, nahary stoluň üstünde goýdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Sopy sogan iýmez, tapsa gabygyny goýmaz. (nakyl)

soňuna sogan ekmek

seret soň

ykbalyna sogan dogramak

seret ykbal

  • «Aýsoltan» sesi onuň üçin dünýäniň iň ýakymly seslerinden biri bolsa-da, şol ses şol sekuntda onuň ykbalyna sogan dogrady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)


Duş gelýän formalary
  • sogana
  • soganda
  • sogandan
  • sogandyr
  • soganlar
  • soganlary
  • soganlarym
  • soganlarynyň
  • soganlaryň
  • soganly
  • soganlygy
  • soganlygynda
  • soganlygyndan
  • soganlygynyň
  • soganlygyň
  • soganlyk
  • soganlykdan
  • sogany
  • soganyny
  • soganynyň
  • soganyň
  • soganyňky