soň at

  1. seret soňra

    • Soň gelen aşa batyr. (nakyl)

    • Her bir sözlemi aýdyp gutaranymyzdan soň, azajyk durýarys.

  2. Bir zadyň ýa-da işiň ahyry, yzy, dowamy.

    • Sakawyň soňuna seret. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem soň - soňum, soňuň.

soňuna çykmak

Bir zatdan, işden düýpleýin dynmak, bir zady ymykly gutarmak.

  • Şu ýyl bu yza galaklygyň soňuna çykmalydyr. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Şol çekilen ünji-azarlaryň biz soňuna çykdyk. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

soňuna sogan ekmek

Bütinleý gutarmak, ýok etmek.

soňuny saýmazlyk

Bir zadyň boljak netijesine seretmän, näme bolsa-şol bolsun etmeklik.

  • Soňuny saýan batyr bolmaz. (nakyl)