[sa:z]
Sungat termini Bir ýa-da birnäçe sesleriň äheňleriň sazlaşykly utgaşdyrylmagy bilen içki duýgular, ideýalar beýan edilýän sungat.
Duşmanlaryň bagryn dilýär sazymyz. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Ogul, sen entek howlukma, tiz wagt kolhozymyzda saz ansamblyny gurjak. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Saz gurallary.
Ses, owaz.
Tamdyra çalmak, aýdym aýtmak.
[sa:z]
Döwük-ýenjik däl, gurat, düzüw | Döwük-ýenjik däl, gurat, dözüw.
Her bir demir ýoly ony saz işletmek üçin göreş edýärdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Maşynyň motory saz işleýär.
Normal ýagdaýda barýan, ters däl, düzüw, dost.
Siziň ikiňiziň araňyz örän saz ahyry?! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ozal beýle däldi, sazdy aramyz. («Tokmak» žurnaly)
Göwnejaý, dogry.
Halka hyzmat edip at-abraý alsaň şonda eden işiň saz diýýär göwnüm. («Mydam taýýar» gazeti)
Arslan diýen ogly ösüp durmuşlary saz gidýärdi. (R. Seýidow, Bagtlylar)
Eger aňkaryp galsaň saz urup bilmeseň wagşy üstüňe zyňar we parça-parça eder. (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat)
Oňat, gowy, kök.
Agaç etli, hor diýseň-de jahyl kimin keýpi sazdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret daň
Daň saz berende, gür sazaklygyň arasynda ol gymyldysyz süýnüp galdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
[sa:z]
Dialektal söz Tarada gamyşdan edilen gural, darak.