sazak

[sa:zak]

Botanika Orta Aziýanyň gumluk ýerlerinde bitýän ýangyç hökmünde ulanylýan pür ýaprakly agaç, odun.

  • Gün guşluk galanda, sazak kölegelerinde süýnüp ýatan wekiller öz aralarynda bolsady ekdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sazaklaryň ýaşyl pürleri daňyň alagaraňkysynda garalyp görünýärdiler. («Pioner» žurnaly)

  • Gumlaryň depelerini, ýapylaryny örtýän sazak, çaly, çerkez bardygyna ýalazyraýardy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sazak - sazagy.