sazaklyk

[sa:zaklyk]

Sazagyň köp gögerip oturan ýeri, sazagyň köp biten ýeri.

  • Daň saz berende, gür sazaklygyň arasynda ol gymyldysyz süýnüp galdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Uly sazaklyga ýetip, yzyny-da ýitirdiler. (A. Atajanow, Permanyň Mamasy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sazaklyk - sazaklygy.