Ýylyň gyş, ýaz, tomus we güýz möwsümleriniň birini öz içine alýan üç aýdan ybarat bolan wagt, döwür.
Çary, ýyl näme üçin dört pasla bölünýär? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Bulutlary sürüp gelýän sergin şemal tomus paslynyň gutaranlygyna şatlyk edýärdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Belli bir wagt aralygyny öz içine alýan döwür, salym, mütdet.
Bagşy bir pasyl saz çalyp oturdy.
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem pasyl - pasly.