Pasyrdyly ses çykmak, passyrdyly seslenmek.
Torgaýlar pasyrdap al-howa uçdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Zakaspiniň merkezi Aşgabat-da gyzyl baýdak pasyrdady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gara öýüň üzüklerini pasyrdap galgaýyş hem tupanda galan ýelkenli gaýygy gözüň öňüne getirýär. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Egnindäki keteni köýnek pasyrdap seslenýärdi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Ýerde oturan guş, ýüregi ýarylan ýaly, bir zarbada pasyrdap galdy.