obýektiw1

Optiki abzalyň öňündäki aýnasy, obýektiwiň trubkasynyň linzasy.

obýektiw2

  1. Filosofiýa Biziň aňymyza bagly bolmadyk, biziň aňymyzdan daşarda bolan.

    • Deňeşdirme obýektiw dünýäniň predmetleriniň, hadysalarynyň meňzeşligini we tapawudyny ýüze çykarýan logiki usuldyr. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)

  2. Adalatly, hakyky, dogry.

    • Onuň eserleri elmydama obýektiw progressiw mana we ähmiýete eýe bolýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Halk magaryf organlary okuwçylaryň bilim derejesini obýektiw kesgitlemegini gazanmalydyrlar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)