meýlis

Dostlukly şadyýan ýagdaýda geçirilýän köpçülikleýin duşuşyk, göwün açmak üçin edilýän ýygnanyşyk, oturlyşyk.

  • Sazdyr ynsanyň hoşy, sazdyr meýlisiň başy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Ertir dostlar bilen meýlis ederis-de biri gün bileje ýola düşeris. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Çopana meýlis haram. (nakyl)

meýlis gurmak

Deň-duşuňy ýygnap gyzykly gürrüň etmek, saz-söhbet etmek.

  • Myhmanlar bilen meýlis gurup oturmak.