meýit

Ölen adamyň göwresi, öli adam.

  • Organizmiň gurluşyny öwrenmek üçin meýitleri kesip açmagy ulanýarlar. (A. N. Kabanow, Adamyň anatomiýasy we fiziologiýasy)

  • Halnazaryň meýdini ýan kejebä salyp alyp gitdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem meýit - meýdi.