möhür at

  1. Könelişen söz seret peçat

    • Durdy oňa möhür basylan şahadatnamany görkezdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Stolyň çekerinden bir pasport aldy-da, nika bölüminiň basan möhrüni açyp görkezdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ol, çekilen goly tassyk edilip, möhür basylan dil hatyny görkezdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Göçme manyda Bir zatdan galan yz, bir zadyň goýan täsiri.

    • Ýyllar möhrüni basýar ýüzüňe, Ýigitlik duşundan geçýär biperwaý. («Tokmak» žurnaly)